Ömürleriň öçmez şamçyragy

20 Mart 2024
617

Türkmen tebigatyna ýaşyl begresden don ýapan bahar pasly bu ýyl adatdakylardan üýtgeşik geldi. Çünki hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji gününde geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimiziň uly işleri bitirýändiklerini belläp, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu hoş habar, şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda gol çeken resminamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mährem enelerinde, gelin-gyzlarynda egsilmez şatlyk döretdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr». Mukaddeslige deňelýän mährem enelerimiz ýaşaýşyň gözbaşy, barlygyň göwher gaşy, maşgala ojagynyň sütüni. Ol mähribanlaryň barlygynda dünýämiz doly bolýar, çünki kalbymyza ýylylyk berýän eziz käbelerimiz ýolumyzyň şamçyragydyr. Eneleriň eli melhem, sözi derman, hüwdüsi aýdymdyr. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde şeýle ýazýar: «Ejem janyň hemişe gepleýşi örän mylakatly hem özüne çekiji bolandygy üçinmi, nämemi, biz ondan üýtgeşik mähribanlygy aňýardyk. Ýüregi bilen bizi ezizleýändigine, janyndan jan berýän mähribandygyna düşünýärdik. Ol: «Siz meniň guwanjym, ganatymsyňyz!» diýýärdi».

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».