Türkmenistan — Türkiýe: arkalaşan dag aşar

20 Mart 2024
452

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde, ýagny 1-2-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolmagy halkymyzyň «Arkalaşan dag aşar» pähiminiň çuň manysyny açyp görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen bolan duşuşygynda orta atylan özara bähbitli pikirler-de, Milli Liderimiziň Antalýa diplomatiýa forumynda eden çykyşy-da biziň halkymyzyň, berkarar döwletimiziň ynsanperwerlik ruhuny, tutýan ýoluny ýene bir gezek halkara derejesinde ýüze çykardy.

Gahryman Arkadagymyz ilki Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşyp, doganlyk ýurduň Baştutanyny 70 ýaşynyň dolmagy hem-de oňa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy mynasybetli gutlady. Prezident Rejep Taýyp Ärdogana türkmeniň milli içmegini sowgat bermek bilen, Gahryman Arkadagymyz inçe el işi bolan ajaýyp içmegiň nagyşlarynyň manysy barada aýdyp berdi. Bu gürrüňleriň çuň manysy halkymyzyň ruhy durmuşynyň gözelligini, türkmeniň nurana, ynsanperwer kalbyny açyp görkezýärdi.

«Zenan kalby».