Gyzlar atarlar bije

20 Mart 2024
742

Güller öwşün atyp, baglar pyntyk ýaryp, owlak-guzular owadan sähralyklarda  aga-ýana otlaşyp ýörkä, halkymyz ýene bir toýy — Nowruz baýramyny şowhunly garşylaýar. Täze ýylyň, täze günüň başlanýandygyny alamatlandyrýan baýramçylykda gyz-gelinler tebigat bilen bäs edýän owadan lybaslary bilen meýdana çyksalar, çagalar şol gün milli oýunlary oýnap, owlak-guzulary synlap göwünlerini hoşlaýarlar. Baýramçylyk gününiň toý saçagyny dänäniň ýedi görnüşinden taýýarlanan milli tagamlar bilen bezemek gelin-gyzlaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrýar.  Nowruz gününde ak bugdaýdan nowruz ýarmasy, ak jöwenden nowruz köjesi, tüwüden, mäşden, noýbadan dürli tagamlar taýýarlanýar. Emma gelin-gyzlar semeni taýýarlamak üçin birnäçe gün öňünden taýýarlyk görýärler. Olar gaplarda bugdaýy ekip, onuň gögermegine garaşýarlar. Dürterip çykan ýaşylja maýsalara gözi düşen gyzlar, gelinler gowy arzuwlary edýändirler.  Eneler bugdaýyň ýaşajyk maýsasyndan taýýarlanan semenini dadyp aý-günleriň we ýylyň bereketli bolmagy üçin ýagşy arzuwlar edenlerinden soňra, tagam ýaşlara, çagalara hödürlenýär. Semenini dadan her bir adam öz arzuw-hyýallarynyň hasyl boljakdygyna ynanýandyr.

Şol gün gyz-gelinler üçin has-da şatlykly gün hasaplanypdyr. Olar monjugatdy oýnuny oýnap: 

«Zenan kalby».