Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

20 Mart 2024
552

Ýaşaýyşda adamlaryň ruhy daýanjy ynsanperwerlikdir. Bu dünýäde ynsanperwerligiň bardygyna, adamzadyň hemişe bir-birege hemaýatynyň ýetip durmalydygyna bolan mizemez ynanç durmuşyň ygtybarlylygynyň kepilidir.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pent edişi ýaly, «Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa, Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr». Ynsanperwerlik, sahawatlylyk diňe sözde däl, eýsem, ýagşy işlerde ýüze çykyp, adamlaryň kalbynda adalata, sahawata çuň ynam döretse, ol halkyň bagtyýarlygynyň aýdyň alamaty. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleri ýurdumyzy sahawatly işleriň mekanyna öwürdi. «Akylly» şäher konsepsiýasyny özünde jemleýän Arkadag şäheri bu babatda ynsanperwerligiň beýik nusgasy bolup, taryhda orun alýar.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.