Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary

20 Mart 2024
279

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barlyp, ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň çäklerinde işleri üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur tagallalaryň edilýändigini belledi. Şunda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar.

«Arkadag»