Şöhratly taryhymyzyň şuglasy

14 Fewral 2023
1226

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň Merw, Nu­saý, Ür­genç, Aby­werd, Sa­rahs, De­his­tan ýa­ly ga­dy­my şä­her­le­ri il­kin­ji ylym­la­ryň we bi­lim­le­riň, me­de­ni­ýet­le­riň hem-de sun­gat­la­ryň gül­läp ösen mer­kez­le­ri hök­mün­de dün­ýä meş­hur bo­lup­dyr. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi da­ba­ra­lan­dyr­mak, oka­mak, öw­ren­mek, zäh­met çek­mek, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz­dyr» di­ýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýur­du­my­zy tä­ze be­lent­lik­le­re ýe­tir­me­giň esa­sy sü­tün­le­riniň bi­ri ylym ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek bolup durýar.

Ta­ry­hyň äh­li dö­wür­le­rin­de Türk­me­nis­tan­da ylym gül­läp ösüp­dir. Türk­men yl­my­nyň ta­ry­hy türk­men hal­ky­nyň eme­le ge­liş ýag­da­ýy bi­len sep­le­şip, ol özü­niň göz­ba­şy­ny ga­dy­my dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Adam­lar ga­dy­my dö­wür­ler­de ys­sy, gu­rak ho­wa şert­le­rin­de, esa­san, der­ýa­la­ryň ke­nar ýa­ka­la­ryn­da ýa­şap­dyr­lar we der­ýa­la­ryň joş­ma­gy­nyň, sil gel­me­gi­niň se­bäp­le­ri­ni öw­re­nip, te­bi­gy ha­dy­sa­la­ra yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik edip­dir­ler. Bu ýag­daý ola­ryň aý-ýyl se­ne­na­ma­sy­ny iş­läp düz­me­gi­ne ýar­dam edip­dir. Dür­li köşk­le­ri, ýol­la­ry gur­mak, eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­ni öl­çe­mek ýa­ly ho­ja­lyk ala­da­la­ry ma­te­ma­ti­ka­nyň, fi­zi­ka­nyň, gid­ro­teh­ni­ka­nyň me­se­le­le­ri­ni be­ýan ed­ýän yl­my bi­lim­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy­na şert dö­re­dip­dir.

Aý­je­ren ÝAÝ­LY­MO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň uly yl­my iş­gä­ri.