Döwrebap ulag ulgamy

29 Iýun 2021
1351

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň energetika howpsuzlygy, öňüni alyş diplomatiýasy, ekologiýa we suw diplomatiýasy, üstaşyr ulag mümkinçiliklerini döretmek babatdaky öňdengörüjilikli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu aýdylýanlar bilen bir hatarda, Türkmenistan ulag ulgamyny ösdürmegi ugur edinýän milli, şeýle hem sebit we halkara ähmiýetli giň mümkinçilikli taslamalary amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlary, teklipleri öňe sürýär. Şonuň esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Ulag ulgamlarynyň batly depginlerde ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriniň döredilmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňelmegine, goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň beýleki döwletleri we halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýär.

Çemen GURBANNAZAROWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.