Döwrebap işler

16 Iýun 2021
976

Ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady syýasatda maliýe-bank ulgamyna möhüm orun degişli bolup, onuň wezipeleri halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmekden, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan we oňa täzeçillikleri ornaşdyrmaga ýardam bermekden ybaratdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda alnyp barlan döwlet syýasatynyň netijesinde, durmuş ugurly ykdysadyýetiň talaplaryna esaslanýan milli bank ulgamy kemala geldi.

Soňky ýyllarda milli bank ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň paýynyň artdyrylmagy ugrunda çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, elektron töleg ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, nagt däl görnüşinde geçirilýän hasaplaşyklaryň sany hem barha artýar. Şeýlelik bilen, pul dolanyşygynyň kadaly hereketi ýola goýulýar.

Nartäç ANNAKOWA,
Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň maglumat we sanly tehnologiýalar bölüminiň esasy hünärmeni.