Razy

27 Maý 2021
809

Ynsana bagt üçin nämeler gerek?
At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen.
Her goşgymda kämil bolmana derek
Onuň barha kyn düşýänne razy men.

Razy — çynym bilen sadany söýýän,
Razy — halal saçagymda çöregim.
Razy — çalarypdyr saçlarym eýýäm,
Razy — hernä üýtgemändir ýüregim.

Gurbannazar EZIZOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy