Gözelligiň dürdänesi

26 Maý 2021
602

Ýurdumyzyň ýüregi saýylýan gözel Aşgabadyň binagärlik keşbi gün-günden özgerýär. Özüniň gaýtalanmaýan ajaýyp keşbi bilen köpleri haýran galdyrýan ak mermerli kaşaň köşkler, belent binalar, döwrebap şertleri özünde jemleýän köpgatly ýaşaýyş jaýlary paýtagtymyza özboluşly öwüşgin çaýýar. Islendik ýurda baranyňda hem ilki bilen täsin binalarda gözüň eglenýär. Şolara seredip, ýurduň ýüzüni, ösüşlerini görýärsiň. Biziň mermer şäherimiz babatynda hem şeýle. Şahyr aýtmyşlaýyn «Arkadagyň sungat eseri» bolan Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär.

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu günki gün paýtagtymyz häzirki zaman, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin amatly şäher hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýar.

Maraljan SUÝUNOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.