Binagärligiň ajaýyp nusgasy

26 Maý 2021
602

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mähriban halkymyza şanly baýramçylyk mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriň birine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabady hemmetaraplaýyn ösen şähere öwürmek baradaky öňde goýan maksatlary uly rowaçlyklara beslenýär. Ak mermerli paýtagtymyzda kemala getirilen giň hem owadan şaýollar, täsin görnüşe eýe bolýan dürli görnüşli suw çüwdürimleri, ähli amatlyklary bolan ýokary derejeli myhmanhanalary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglyk edaralarynyň we sport desgalarynyň binalary, ak mermere beslenen çagalar baglary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri, döwrebap belent ýaşaýyş jaýlary, ministrliklerdir pudak edaralarynyň milli öwüşginli owadan edara binalary, söwda we hyzmat maksatly söwda merkezleri we beýleki birnäçe binalardyr desgalar bu gün ähli halkymyzyň guwanjy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda öňňin hem goşa baýramçylyk mynasybetli 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy, umumy meýdany 744 gektar bolan ägirt uly «Aşgabat-siti» taslamasynyň gurluşygyna badalga berildi.

Oguldurdy DERÝAGULYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.