Ak ýollar uzaýar geljege bakan, Öňe, diňe öňe, jan türkmenistan!

26 Maý 2021
944

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapyp, döwet galamynyň astyndan çykan hut şu çuň many-mazmunly dürdäne setirlerden hem görnüşi ýaly, ösüşlere beslenýän Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda röwşen geljegi nazarlap, öňe, diňe öňe barýar. Şonuň üçin hem bagtyýarlyk zamanamyzda ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimizi müň mertebe alkyşlap, gülşen günleriň goýnunda asuda, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň göwni ganatly, ruhy berkararlyk buýsanjymyz ýaşyl Tugumyz deý belent. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenýän baýramçylyklar bolsa milli senenamamyza zamanabap täze röwüş çaýyp, Berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Toýlary toýa ulaşýan Arkadagly Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň mysalynda hem bu hakykat aýdyň şöhlelenýär.

Milli we ruhy gymmatlyklarymyzdan gözbaş alýan täsin binagärlik medeniýetini özünde jemleýän ak mermerli paýtagtymyza seýle çykmagyň lezzeti söz bilen beýan edip bolmajak derejede üýtgeşikdir. Şonda Jeýhun deý joşgunly kalbyňy heýjana salýan buýsanç duýgularyňy gursagyňa keşdeläp, ak şäherimiziň gözelligine guwançly bakýansyň. Gün-günden has ajap keşbe girýän baş şäherimiziň ajap eýýamyň belent ruhuna laýyk döwrebap ösüş-özgerişi köňül köşgüňe nur çaýyp, ýedi yklyma maglum «Aşgabat — gözelligiň we söýginiň şäheri» diýen jümleler aňyňda şineläp, joşgunly göwnüňe nur çaýýandyr. Ilki bilen şuglazar görki bilen ähli binalardyr desgalardan saýlanyp, durnagöz çeşme deý dury mawy asmana egin deňläp, 133 metr belentlikde pasyrdap duran äpet ýaşyl Tugumyz biygtyýar özüne maýyl edýär. Asyl-ha, bu mukaddeslikden gözüňi aýrasyň gelmez. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alyp, jümle-jahana at-owazasy dolan uly göwrümli Döwlet baýdagymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň, hemişelik Bitarap döwletimiziň abadançylygynyň nyşanyna öwrülip, erkana hem görkana pasyrdap durşy göwün guşuňy al-asmanda pelpelledip, ömrüňe ömür goşýar. Mermer paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň hem täsin binagärlik gurluşy bilen aýratyn tapawutlanyp, alyslardan seleňläp durşunda çuň many bardyr. Milli Liderimiziň 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanyp gurlan bu desga biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mizemezliginiň we berkliginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, eziz Watanymyza buýsanjyň, Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň, mertebesiniň pugtalanmagy we has-da belende göterilmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrmaga merdana halkymyzyň hemişe taýýardygynyň özboluşly nyşanydyr. Bu desga halkymyzyň özygtyýarly döwlet baradaky köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýar» diýen sözleri bu ajaýyp bina dahylly şol çuň manynyň hikmetini Aý dogan ýaly aýan edýär.

Ýagmyr NURYÝEW,
«Diýar».