Bazar ykdysadyýetiniň möhüm ugry

14 Maý 2021
1475

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we halk hojalygyna bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna üstünlikli goşulyşmagyna we eksport mümkinçilikleriniň has-da artmagyna ýardam berýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, ykdysadyýetimizde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek işleri giň gerime eýe bolýar. Bu ugurdaky işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli ykdysady özgertmeleriň maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Şemşat KIÇIGULOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.