Bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlary

5 Maý 2021
631

Hormatly Prezidentimiziň halkyň bähbidinden ugur alyp durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar hakyndaky aladadyr. Bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri, halal zähmet çekmekleri we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär.

Milli Liderimiziň ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, bagtyýarlyk döwrümizde milli ýörelgelerimize ygrarly, ata Watanymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere öz wagtynda seslenip, dürli ulgamlarda gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşmaga höwesli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Nurjemal ÖWLÝAKULYÝEWA,
talyp.