Uzaga çeken gözleg

5 Maý 2021
763

Biz Garaşsyzlygyň, has dogrusy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde yglan edilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň adamlary bolup, Ýeňiş baýramyny uludan toýlaýarys.

Watançylyk urşunyň ýeňişli tamamlanaly bäri ýetmiş alty ýyl geçip, ýyllar geçen urşuň ýüzüni örtse-de, ýürekleriň öçmez yzasy şindi-şindilerem öz bardygyny bildirip dur. 1941 — 1945-nji ýyllar aralygynda dowam eden ganym uruş daşlaşsa-da, adamzat nesliniň hiç wagt ýadyndan çykmaýar.