Bähbitli işler rowaçlanýar

5 Maý 2021
657

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl çygryny-hususyýetçiligi ösdürmäge örän uly üns berýär. Şeýle tutumly işler ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine we öňe gitmegine giň ýol açýar. Şeýlelikde, döwletimizde öndürilýän jemi önümde türkmen telekeçileriniň paýy ýylsaýyn artýar. Olaryň ilata hödürleýän harytlarydyr önümleriniň görnüşleri artyp, hili ýokarlanýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň täze öndüriji güýç hökmünde has uly orna eýe bolmagyna itergi berýär. Täze iş orunlary peýda bolýar. Şeýle ösüş-özgerişli depginiň bady hormatly Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da barha artýar.

Ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine daýanýan kämil salgyt ulgamy hereket edýär. Etrap salgyt bölümimiziň işgärleri Türkmenistanyň “Salgytlar hakynda” Bitewi kanunyndan ugur alýarlar. Salgyt töleýjileri salgyda çekmek bilen, olaryň hereket edýän kanunçylykda kesgitlenen salgytlary we beýleki hökmany tölegleri öz wagtynda we dogry tölemeklerini üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar. Bölümimiziň işgärleri şeýle wezipäniň hötdesindenem abraý bilen gelýärler.