Suw üpjünçiligi ugrunda

5 Maý 2021
1266

Balkan welaýatyň çägindäki tebigy ojaklarda iş alyp barýan burawlaýjylaryň, nebit we gaz çykaryjylaryň işleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki suw üpjünçilik müdirliginiň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu müdirligiň hünärmenleriniň önümçilik kärhanalaryna ýetirýän agyz hem-de önümçilik suwlary ýerasty önümli gatlaklary senagat taýdan özleşdirmek işlerini talabalaýyk guramaga giň mümkinçilik berýär. Agyz suwy durmuş hajatlary üçin peýdalanylsa, önümçilik suwlary tebigy baýlyklar çykarylanda, ýerasty gatlaklaryň basyşyny saklamakda hem-de beýleki zerurlyklar üçin ulanylýar. Suw üpjünçilik müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri önümçilikde şunuň ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan suwuň 1 million 461 müň kub metre golaýyny çykarmak bilen, sarp edijileriň ýerasty tebigy baýlyk gözlemek işlerine mynasyp goşantlaryny goşdular.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).