Atamyň pendi (Durmuş we biz)

3 Maý 2021
866

Ata-enäniň pent-nesihatlary durmuşda gerekli sapaklaryň biri bolýan ekeni. Henizem bolsa, käte çaga terbiýesinde aljyran wagtym ýaşulularyň gyzyla gaplaýmaly dana maslahatlaryna mätäçligimi duýýaryn.

Golaýda işe giden wagtym körpe oglum garagolluk edip, özünden uly doganyna duýdurmazdan, oýnamaga gidipdir. Bu habary eşiden dessime, oňa gaýdyp beýle ýagdaýy gaýtalamaz ýaly mazalyja temmi bermeli diýen netijä geldim. Gatyrak gaharlanyp, öteräk geçenimi hem bilmän galypdyryn. Kerim şahyryň diýşi ýaly: «Käýinsemem käýindim welin, ene ýüregim balam bilen bile aglady». Gynanýanymy bildirmejek bolup, şunça özümi asuda alyp barmaga çalyşsamam, ýüregim ýerinden çykaýjak boldy.

Maýagözel SAPARMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 140-njy orta mekdebiň mugallymy.