Ýaşlar — Watanyň kuwwaty

3 Maý 2021
687

Döwrüň belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň we bimöçber aladalarynyň netijesinde ýaş nesliň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdeplerde bilim almaklaryna, saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklaryna we bilimlerini artdyrmaklaryna, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna hemmetaraplaýyn goldaw bermek Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir.

Ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy milli Liderimiziň olara edýän sargytlaryna, bildirýän uly ynamyna wepadarlygyny äşgär edýär. Milli Liderimiziň amala aşyrýan tutumly işleri il-ulsumyzyň egsilmez alkyşyna mynasyp bolýar.

Eneş KLYÇEWA.