Kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär

3 Maý 2021
812

Dünýäde iň bagtyýar adamlaryň ýaşaýan ýurdy we parahatçylygyň mekany, şeýle hem ynsanperwerligiň nusgasy hökmünde tanalýan berkarar Watanymyzda jemgyýetiň asudalygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, her bir raýatyň erkana ýaşamagy hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde iň möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň baş maksady hem ýurdumyzda ýaşaýan raýatlaryň kanuny hukuklarynyň goraglylygyny doly üpjün etmäge, ýurdumyzdaky asuda ýaşaýşy has-da berkitmäge, ýüze çykmagy ähtimal bolan hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga niýetlenendir. Kanunda hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň ugurlary, ýörelgeleri we hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslaryň borçlary takyk görkezilendir.

Merdan NAZAROW,
Köneürgenç etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.