Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy

3 Maý 2021
898

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni şanly hem taryhy wakalara beslenýär. Toýlaryň goşalanyp gelýän ajaýyp pursatlary ýaşlaryň durmuşyna-da öz täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň özleri hakdaky aladasyny her ädimde görüp hem duýup ýaşaýan ýaşlar bu günki gün döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp okaýarlar, işleýärler, gurýarlar, döredýärler. Bu özboluşly sazlaşyk kämil jemgyýeti kemala getirmegiň esasy görkezijisi bolup durýar. Munuň şeýledigi olara kämillik ýaşyna ýetmegi bilen, degişli kanunçylyga laýyklykda, raýatlyk pasportynyň gowşurylmagynda hem çuňňur beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň 16 ýaşy dolan raýatlaryna raýatlyk pasportlarynyň gowşurylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Şeýle dabaralaryň biri golaýda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde geçirildi. Oňa şäherdir etrap polisiýa bölümleriniň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölümçeleriniň işgärleri, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de kämillik ýaşy dolan ýaşlar gatnaşdylar.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.