Adam hakynda alada

3 Maý 2021
760

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň pudaklaýyn geňeşleriniň we welaýat-çäk birleşikleriniň guramagynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly bir aýlyk çäre giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Jemgyýetçilik guramasynyň meýilnamasyna laýyklykda, welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerindäki edara-kärhanalarda hem wagyz-nesihat çäreleri, usuly maslahatlar we amaly okuwlar geçirildi. Bagtyýar raýatlarymyz üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmek, edara-kärhanalarda guramaçylyk-tehniki, arassaçylyk düzgünleriniň doly berjaý edilişini gazanmagy maksat edinýän bu çäre ýurdumyzyň zähmet hakyndaky kanunlaryndan we hukuk namalaryndan, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli durmuş syýasatyndan ugur alnyp geçirildi. Bir aýlygyň dowamynda Daşoguz pagta egriji fabriginde, Görogly galla önümleri kärhanasynda, «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde we beýleki edara-kärhanalarda zähmetiň howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi dogrusynda okuw maslahatlary-da geçirildi.

Golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler eýwanynda «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly bir aýlyk çäräniň çäklerinde «Howpsuz zähmet —  ilkinji we esasy alada» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat, etrap birleşmeleriniň, welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň başynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Arslan Taganowyň çykyşy diňlenildi. Soňra welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň döwlet inspektory Atamyrat Nonikow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi Meýlis Gulbaýew, Daşoguz halkara howa menziliniň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça esasy hünärmeni Rahym Jumanazarow, Köneürgenç pagta egriji fabriginiň baş hünärmeni Tawus Gurbanmedowa dagy çykyş etdiler.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».