Belent ösüşleriň ýoly bilen

26 Aprel 2021
1320

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda halkymyzyň durmuşynda ýatdagalyjy pursatlara beslenjek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlary uludan tutulýar. Goşa baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjekleri bilen bir hatarda, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem medeni-durmuş maksatly täze desgalar ulanylmaga berilýär. Şol desgalaryň ählisiniň gurluşygynda bolsa mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün etmekden gözbaş alynýar. Golaýda ak şäherimiziň günortasynda, Çandybil şaýolunyň ugrunda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, şeýle hem «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň döwrebap binalarynyň açylyş dabaralary boldy.

Milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýan bank ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen bina edilen banklaryň täze edara binalary bu gün paýtagtymyzyň görkana keşbiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. 17 müň inedördül metr meýdany eýeleýän «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň täze binasynyň birinji we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zallary, hem-de beýleki zerur maksatlar üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. Binada kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen iş otaglarynyň 300-den gowragy ýerleşip, onda birbada müşderileriň 250-den gowragyny kabul etmäge mümkinçilik bardyr.

Güldesse HANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy.