Döwrebap ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry

16 Aprel 2021
1759

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň uly üstünliklere we taryhy wakalara beslenmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. 25-nji martda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy şol möhüm taryhy wakalaryň üstüni ýetirdi. Şeýle hem sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr. Ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenen bu ýyladyşhanalar häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar bilen enjamlaşdyryldy. Olaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş ornunyň döredilendigini nygtamak guwandyryjydyr. Ähli ýyladyşhanalaryň ýolbaşçylarynyň döwlet Baştutanymyzdan täze oba hojalyk tehnikalaryny — dünýä meşhur «John Deere» traktorlaryny sowgat alandygyny hem bellemek gerek.

Milli Liderimiz täze ýyladyşhana toplumlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Türkmenistanda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, oba hojalygyndaky özgertmeleri kämilleşdirmäge, bu ugurdaky işleri döwrebap usullar bilen guramaga, pudaga hususy haryt öndürijileri giňden çekmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Hususy haryt öndürijilere oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite ýer gaznalary döredilýär.

«Di­ýar».