Ösüş depgini ýokarlanýar

14 Aprel 2021
1320

Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy bu gün «Türkmendermansenagat» birleşiginde öňdebaryjylaryň hatarynda barýar. Bu häzirki zaman kärhanasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda önümçiligiň ösüş depgini yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenilip gurlan bu kärhanada şu ýylyň geçen üç aýynda jemi 2 million 730 müň manatlyga barabar önüm öndürilip, meýilnama 181 göterim berjaý edildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 126 göterim ýokarlandyrylandygyny görkezýär.

Ýod önümçiligi kärhanasynda taýýarlanýan ekologiýa taýdan arassa serişdeler stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şonuň ýaly-da, ýola çykylyp işlenilende juda amatlylygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bir gezek ulanylýan ýod taýajyklarynyňdyr ýod galamlarynyň lukmançylykda zerur bolýan halatlary sanardan köpdür. Şikes ýetme we hirurgiýa görnüşli ýaralary arassalamak, bioserişdeleri synag üçin almak, barlamak, özbaşdak ulanmak ýaly ýagdaýlarda onuň ähmiýeti uludyr. Kärhananyň önümlerine bolan isleg içerki we daşarky bazarlarda barha artýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).