Himiýa senagatynyň üstünlikleri

13 Aprel 2021
1541

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagaty dünýä nusgalyk ösüşleri başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde bu ugra daşary ýurt maýa goýumlaryny goýmak, täze ylmy-tehniki esasda taýýarlanan ýokary tehnologiýaly enjamlary önümçilige ornaşdyrmak babatda möhüm wezipeleri goýýar. Bu wezipeleri amal etmek bilen baglanyşykly ýurdumyzda himiýa senagatynyň düzümine girýän täze-täze kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Şolara mysal hökmünde, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody, Balkan welaýatyndaky «Garabokazkarbamid» we Polimer zawodlaryny görkezmek bolar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň himiýa pudagynyň işgärleri türkmen topragynyň baý uglewodorod, mineral we gidromineral gorlaryny ulanmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýarlar. Bu iş tebigy baýlyklary gazyp almak bilen bir hatarda, olary gaýtadan işläp, taýýar önüm — taýýar haryt görnüşinde sarp edijilere ýerlemegi hem öz içine alýar.

Göwher ALLAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň aspiranty.