Sanly tehnologiýalar döwrüň talaby

13 Aprel 2021
1149

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her güni bedew batly ösüşleri bilen taryha ýazylýar. Çünki bu döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde bütin dünýäde ösen tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Döwür bilen aýakdaş gidýän biziň ýurdumyzda hem milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan giň gerimli sanly özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amal edilýän işleriň özüniň ýokary netijesini berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edilen bu maksatnamany amala aşyrmak degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine tabşyryldy. Munuň ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmekdäki wajyp ädim boljakdygy şübhesizdir.

Ogulnäzik MÖMINOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.