Ýaş alymlaryň ylmy gadamlary

6 Aprel 2021
855

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ykdysadyýetiň pudaklary üçin ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Ýaş alymlar geňeşleriniň orny» atly wideomaslahatlara badalga berildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň Ýaş alymlar geňeşleriniň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Meýilnama laýyklykda, wideomaslahatlar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň noýabr aýyna çenli dowam eder.

3-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen wideomaslahat «Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny» diýlip atlandyryldy. Onda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligini sanly tehnologiýalar arkaly öwrenmegiň meseleleri», «Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde döwrebap ýokary bilimli himik hünärmenleri taýýarlamagyň orny», «Türkmenistan — ÝUNESKO: türkmen halkynyň taryhyny öwrenmegiň, milli gymmatlyklaryny hasaba almagyň özara hyzmatdaşlygy» atly temalar boýunça çykyşlar diňlenildi.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».