Ýurdumyzyň baş ýörelgesi

5 Aprel 2021
820

Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady we medeni-durmuş ulgamynda uly ösüşler gazanylmak bilen birlikde, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini kepillendirmeklige gönükdirilen milli kanunçylyk ulgamy hem barha kämilleşdirilýär. Çünki biziň döwletimiziň milli kanunçylygynyň baş maksady halkyň abadançylygyny üpjün etmekdir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynyň mysalynda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek boldy. Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly çykyşynda döwletimiziň birnäçe ugurlary bilen bagly kanunlaryny has-da kämilleşdirmek we olara halkara hukugynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalaryny yzygiderli ornaşdyrmak, milli kanunçylyk binýadymyzyň mundan beýläk-de has-da ynsanperwerleşmegine giň ýol açmak barada aýdan bellikleri, görkezmeleri, döwrebap täze kanunlary kabul etmek, käbir kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini öňküden-de gowulandyrmak bilen bagly aýdanlary «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatymyzyň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalary boldy.

Sähragül AŞYROWA,
welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.