Il alkyşyny alan lukmandy

5 Aprel 2021
839

Etrek şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda merdemsi başyny belent tutup oturan bir adamyň heýkeli bar. Ol hemmeler üçin mähriban, meniň üçin bolsa aýratyn bir eziz adam. Sebäbi onuň bilen ýetginjeklik ýyllarymyzdan bäri ýygy aragatnaşykda boldum. Ýolda ýoldaş bolup, köp gezek bir saçakdan duz-nan iýdik. Has takygyny aýtsam, Etregiň arassa howasyndan dem alyp, ene topragymyzyň üstünde kän bile gezdik.

Golaýda heýkeli oturdylan şol adamyň — eli ýeňil lukman bolup, uly iliň alkyşyny alan Gulluk Garryjaýewiň ýaşan öýüniň gapdalyndan geçip barýarkam, kalbymy bir pikir gaplap aldy. «Onuň adamlara eden hyzmatyny häzirki nesillere ýetirsem, sogap iş etdigim bolar, merhumyňam ruhy şat bolup, tirsegine galar» diýen niýet bilen çaklaňrak bir makala ýazmaklygy ýüregime düwdüm. Öýe dolanyp gelenimde, radiokomitetde habarçy bolup işlän döwrümdäki ýandepderçämi agtaryp başladym. Eli ýeňil lukman baradaky maglumatlaryň üstünden bardym. Ony birlaý gözden geçirenimden soňra, köp oýlanyp oturdym. Sebäbi lukmanyň zähmet we durmuş ýoluny köpçülige many-mazmuny bilen ýetirmekligiň ýeňil düşmejegini bilýärdim. Her niçik bolsa-da, onuň bilen bolan ownukly-irili wakalary akyl eleginden geçirdim. Onsoň onuň adamkärçilikli häsiýetine mahsus bolan bir waka ýadyma düşdi.

Hudaýnazar GODANOW,
Etrek şäheri.