Geçmişiň ertä dowamy

5 Aprel 2021
1313

Bedew atlarymyza aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda: “Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, ýyndamlygyny, gözelligini we akyllylygyny ýitirmän gelýär” diýip belläp geçýär. Halkymyz bedew aty buýsanjy, guwanjy hem şöhraty hasaplaýar. Halk döredijiliginde ýa-da söz ussatlarynyň eserlerinde bedew atyň tarypy belentden ýetirilýär. «Görogly» şadessanyny alanymyzda, atyň keşbi eseriň bütin dowamynda mährem ýoldaş, syrdaş hem dost hökmünde ör-boýuna galýar. Diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleri, alymlarydyr taryhçylary türkmen bedewiniň häsiýetli aýratynlyklary, owadanlygy barada öz ýazgylaryny bize miras galdyrypdyrlar. Gerodot Nusaýdaky atlaryň tylla reňkini wasp eden bolsa, Aleksandr Makedonlynyň ýanyndaky serkerdeler bu ýerde ýetişdirilýän atlary «Daň şapagyna» meňzedipdirler. Sebäbi türkmen bedewleri ýüpek ýallary, gelşikli beden gurluşy, çydamlylygy we güýç-kuwwaty bilen haýran galdyrypdyr. Yhlasly seýislerimiz halk seçgiçiligi esasynda bu saýlama tohumy nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize çenli ýetiripdirler.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda türkmen bedewlerine aýratyn sarpa goýulýar. Owadanlykda, çydamlylykda, ýyndamlykda, wepalylykda deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty bütin äleme doldy. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde atçylygy we atly sporty ösdürmek barada uly alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 22-nji martynda behişdi bedewler bilen didarlaşmagy, Gahryman Arkadagymyzyň öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň at taýynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda dünýä inmegi, oňa Aşgabat diýen adyň dakylmagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalarynyň hataryny artdyrdy.

Täçsoltan IŞANGULYÝEWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.