Binagärligiň dürdänesi

5 Aprel 2021
684

Bu gün söýginiň we umytlaryň gül açýan mekany hökmünde ak mermerli Aşgabat Orta Aziýanyň merjen şäherine, ähli halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy siňen mähir ojagyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýyldaky çykaran Permany esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň giňden bellenilmegi hem gün-günden gözelleşip, ösýän merjen paýtagtymyza bolan söýgiden nyşandyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy esasynda bütinleý diýen ýaly täzeden gurulýan, tutuşlygyna ak mermere beslenýän paýtagtymyzyň täze taryhy ynsan kalbyny joşa getirýär. Milli binagärlik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde beýik sungat derejesine ýetirildi.

Aýgözel AKMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.