Kanunçylyk binýady berkidilýär

5 Aprel 2021
714

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoluna düşmek bilen, kanunyň rüstemligini, jemgyýetiň iň belent gazananlary hökmünde raýatlaryň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny öz ösüşiniň möhüm ileri tutulýan ugurlarydygyny yglan etdi. Adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň doly üpjün edilmegi jemgyýetiň ösüşiniň, agzybirliginiň, rahat durmuşynyň berkararlygynyň güwäsidir.

Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda röwşen geljegimize gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde milli kanunçylyk binýadyny berkitmegiň, dünýä tejribelerini içgin öwrenip, kanunçylygymyzy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilip, milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmegiň hukuk esaslary Türkmenistanyň täze taryhyna uzak geljegi nazarlaýan taryhy ähmiýetli waka bolup girdi.

Abahajy ABAÝEW,
Akdepe etrap prokuraturasynyň tälim alyjy sülçüsi.