Jemgyýetçilik guramalarynda

5 Aprel 2021
848

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Sarahs etrabynyň 12-nji çagalar bagynda wagyz-nesihat çäresi geçirilip, oňa terbiýeçiler hem-de körpeler gatnaşdylar.

TDP-niň Sarahs etrap komiteti tarapyndan guralan çärede ýokanç kesellerden goranmagyň esasy serişdesi bolan arassaçylygyň talaplaryny berk berjaý etmek, çagalar bagynyň otaglarynda zyýansyzlandyryş işlerini yzygiderli geçirmek, otaglaryň howasyny ýygy-ýygydan çalyşmak, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň kadalary hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhemlik içgileriň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi.