Watanyň eýjejik gyzy

5 Aprel 2021
677

Yhlas bilen zehin birigse, arzuwlar hasyl bolýar. Biz bu hakykata ýaşajyk sungat muşdaklary bilen söhbetdeş bolanymyzda hem şaýat bolduk. Olaryň kalbyndan çykýan şirin owazlar bagtyýar döwrümize buýsanç, Gahryman Arkadagymyza hormat bolup ýaňlanýar. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň sungata bolan höwesini artdyrmak, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi uly ähmiýete eýedir. Şeýle bäsleşikleriň biri ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1—4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşikdir. Dänew etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Jeýran Merdanowa şu ýyl bu bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ikinji orna mynasyp boldy. Onuň ýerine ýetiren «Bagtyýar çagalar» atly aýdymy dabara gatnaşanlaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Jeýran bagtyýar döwrüň körpesidigine diýseň begenýär. Dagy, näme? Ýurdumyz — bagtyýar çagalygyň mekany. Bu barada körpe aýdymçy şeýle diýýär:

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.