Uly alada edilýär

5 Aprel 2021
622

Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy hem-de şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken bu Karary ýaşlaryň göwünlerini has-da galkyndyrdy.

Gahryman Arkadagymyz ertirki gün Watanymyzyň has-da gülläp ösmegini üpjün etmeli ýaşlar barada ýadawsyz aladalanýar. Biz, ýaşlaryň berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn, edepli-ekramly, ylymly-bilimli bolup ýetişmegimiz üçin uly aladalary edýär. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ýurdumyzyň ýaşlarynyň nurana geljegine gönükdirilen köptaraply tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginiň binýadyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.