Türkmeniň nusgalyk alabaýy

5 Aprel 2021
2411

Alym-arheolog W. M. Masson türkmen itleri dünýäde iň gadymy tohum itleriň biridir diýip hasaplaýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistandaky gadymy Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde itiň toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan heýkeljigi tapyldy. Bu bolsa biziň eýýamymyzdan ozalky ýyllary aňladýar. Alabaý itleriniň reňklerini Garagum çölünden alandyklary we olaryň suwsuzlyga, tebigatyň ýowuz şertlerine, güýçli sowuga we yssa çydamlylygy barada hem maglumatlara duş gelýäris.

Taryhyň gowgaly günlerinde halkymyzyň at bilen birlikde iň ýakyn ýoldaşy alabaý iti bolupdyr. Hut şonuň üçin-de, pederlerimiz itiň wepadarlygy, rehimliligi barada ençeme paýhas jümlelerini döredipdirler. Olary okanyňda, diňe bir itiň özüne däl, eýsem, it bilen bagly ýyla hem halkymyzyň arasynda aýratyn ähmiýet berilýändigine göz ýetirmek bolýar. Halkymyz berekedi, durmuş gowulyklaryny wepadar jandarlar at we it bilen baglanyşdyrypdyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly, olaryň käbirlerini mysal getireliň: “It ýyly ekin ekseň, berekedi aýry bolar”, “It ýyly ek, doňuz ýyly or”, “Üýrmesini bilmeýän köpek sürä gurt getirer”. “Paýhas çeşmesi” kitabyndan getirilen bu mysallardan görnüşi ýaly, itleriň üýrýän sesiniň hem sürini, öýi, obany, syrgyny goramakda uly ähmiýeti bolupdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda şeýle rowaýat getirilýär: