Adam. Jemgyýet. Kanun.

29 Mart 2021
752

Adyl kazyýetliligiň ýörelgeleri

Demokratik, hukuk döwleti bolan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüşli ýol bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler döwletimiziň ykdysady taýdan ösdürilmegine itergi bermek bilen bir wagtda milli kanunçylygymyzyň täze eýýamyň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna-da ýol açdy. Ajap eýýamymyzyň täze kanunlary kabul edilip, jemgyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylyk ýol-ýörelgelerini düzgünleşdirýär.