Tebigat. Adamzat. Gözellik

18 Mart 2021
878

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, tebigatyň ynsan kalbyna ruhubelentlik, şatlyk we galkynyş, jümle-jahana täzelenişi serpaý edýän çagynda — pasyllaryň soltany baharda döwlet derejesinde ýurt asudalygynda, il agzybirliginde bellenilýän Milli bahar baýramy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has-da çuňňur many-mazmuna eýe bolýar.

Halkara Nowruz baýramy joşgunly zähmet çekýän watandaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, belent sepgitlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň, saýlaw kanunçylygynyň, milli demokratiýanyň yzygiderli kämilleşdirilmegi göwünlerimizi ata Watanymyza bolan guwanja we buýsanja besleýär. Häzirki döwürde halkymyzyň milli däp-dessurlary täze öwüşginlerde dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen milli baýramlarymyz uly şatlyk-şagalaňa beslenýär. Türkmeniň Hydyr gören bereketli topragyny janlandyryp, dag-düzlere jümjüme düşäp, sähralary gül-güläleklere bezäp gelen Nowruz biziň taryhymyz, milli medeniýetimiz bilen sazlaşykly utgaşýar. Gadymy döwürlerden bäri täze gün, ýagny täze ýylyň ilkinji güni hökmünde bellenip gelinýän Nowruz ýere ýyly girendigini, ekiş döwrüniň gelendigini, dünýäniň lälezarlyga öwrülendigini aňladýar. Nowruzyň gelmegi bilen tebigatda janlanyş, täzeleniş başlanýar.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.