Kalbyň baýramy

18 Mart 2021
1076

Oguz han atamyzyň döwründen bäri dowam edip gelýän gadymy Nowruz baýramy mähriban Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly dabara, şatlyk-şowhun, belent ruhubelentlik bilen bellenilýär. Türkmenlerde «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli, Nowruz güni howa ýagyş-ýagmyrly, Nowruz gijesi asman bulutly bolsa, ýyl ygally bolýar. Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolýar. Nowruzda agaçlaryň çybyklarynda damjalar görnüp dursa, baglar miweli bolýar. Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolýar. Nowruzda howa yssy bolsa, ýylyň gurak gelmegine garaşylýar, şeýle hem Nowruzda geýen täze geýmiň bagt getirýär. Nowruzda eden arzuw-islegleriň hasyl bolýar» diýen birnäçe yrymlar ata-babalarymyz tarapyndan häzirki güne çenli dowam edip gelipdir. Nowruz saçagynda dürli tagam — gatyk, süýt, peýnir, miweler, hoz, gowrulan towuk goýupdyrlar. Semeni bolsa esasy tagam hasaplanypdyr. Nowruz baýramçylygy her milletiň öz milli däp-dessurlaryna, milli aýratynlyklaryna görä bellenilipdir. Umuman, gadymyýetden gelýän Nowruz baýramçylygy «Täze ýyly», «Täze güni» aňladyp, adamlar öýüniň içini-daşyny, köçesini, obasyny arassalamak, täze eşik geýmek bilen bir hatarda, kalplaryny hem päk tutup, ýagşy niýet-arzuwlar bilen täze bir ýaşaýşa gadam basypdyrlar. Bu baýramçylygy agzybirlikde, jebislikde bellemek adamlary has-da ýakynlaşdyrypdyr. Nowruz ruhy taýdan galkynyşyň, tämizligiň, agzybirligiň baýramçylygydyr. Bu baýramçylyk dostlugyň, doganlygyň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň baýramy hökmünde dünýä dolýar.

Baýramyňyz mübärek bolsun, hormatly ildeşler!

Kakageldi ÖWEZMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.