Gözelligiň hem dostlugyň toýy

18 Mart 2021
1165

Türkmen halky ýaz paslynda şanly seneleriň birnäçesini toý-baýrama besleýär. Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni hem şeýle toýlaryň biridir. Nowruz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylykdyr. Nowruz baýramy dünýäniň onlarça ýurtlarynda, şol sanda biziň Watanymyzda giňden bellenilip geçilýär.

Hormatly Prezidentimiz bu baýramyň ähmiýeti barada: «Adamzadyň umumy medeni mirasynyň, köp asyrlyk däpleriniň bütewüligini beýan edýän bu baýram halklary parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ýakynlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýip, belleýär. Her bir halkyň bu baýramy belläp geçişinde öz milli öwüşginleri bar. Nowruz baýramynda milli däp-dessurlar berjaý edilýär, milli tagamlar taýýarlanylýar, myhman çagyrylýar we myhmançylyga barlyp, birek-birege sowgatlar gowşurylýar.