Ugur kämillige tarap

17 Mart 2021
1266

Garaşsyz Watanymyz taryh üçin gysga döwürde ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Bu gün güneşli Diýarymyz bütin dünýäde we sebitde durnukly ösüşi, parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän, olary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýan, halklaryň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary alyp barýan ýurt hökmünde dünýä bileleşiginde özüniň mynasyp ornuny eýeledi. Geçen ýyllarda ykdysady, medeni-durmuş özgertmeleri bilen bir hatarda ýaş döwletiň kanunçylyk ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirildi. Amala aşyrylýan özgertmeleriň her biriniň kanunçylyk binýadynyň berk goýulmagy olaryň wagtynda durmuşa geçirilmegine oňyn şert döretdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi we soňra hem «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanun kabul edildi. Bularyň ählisi döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň kabul edilmegini, öňden hereket edýänlerine goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilmegini şertlendirdi.

Gahryman Arkadagymyz ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde eden çykyşynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini bellemek bilen, kanun çykaryjy edaranyň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýüze çykarýan täze talaplary göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da kanun çykaryjylyk işinde ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik ýaly ýörelgelere daýanylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň hukuk döwleti hökmünde saýlap alan ýoluna ygrarlydygyny görkezýär.

Tirkeş MÄMIÝEW,
Farap etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.