Ömrüňiz owadan bolsun!

17 Mart 2021
741

Ene! Bu sözde, gör, näçe mähir, ýakym bar. Çünki, bu owadan zeminde ýaşaýşyň görki hem-de durky enedir! Bary-ýogy üç harpdan ybarat bolsa-da, ol sözde dünýä ýerleşýär. Ene sözi şeýle bir mukaddes, şeýle bir eziz, onuň beýikligini düşündirmek üçin ajaýypdan-ajaýyp sözlerem asgyn gelýär. Halypa şahyrymyz Amanmyrat Maýewiň aýdyşy deýin:

«Seň mähir-söýgiňi etmäge beýan,
Bir üýtgeşik sözi tapsadym diýýän,
Wah, şol sözi tapman örtenýän, köýýän,
Ýogsa sözler düzüm-düzüm, ejem jan!».

Aýnagül BERDIGYLYJOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.