Paýhasdan nurlanýar gözel Aşgabat

17 Mart 2021
792

Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat bu gün Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň netijesinde Aziýada iň owadan şähere öwrülýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda paýtagtymyz gözümiziň alnynda uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär. Mähriban Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabat ýurdumyzyň ýüregidir. Ol mähriban halkymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan beýik maksatlarynyň rowaçlanmagydyr. Täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, dolandyryş işewür we senagat desgalarynyň ulanylmaga berilmegi, durmuş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy şäheriň ilatynyň artmagyny, täze etraplaryň döremegini şertlendirdi. Aşgabat — bu gün dost-doganlygyň, mähriň, söýginiň şäheri, gözelligiň ojagy. Ol biziň her birimiz üçin mähribandyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen indi halkymyz her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi giňden belleýär. Şu ýyl bolsa mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny uludan tutar.

Geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen dolandyryş edara binalary, orta we ýokary okuw mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ajaýyp ymaratlary, senagat, söwda we işewürlik merkezleri, döwrüň ýokary talabyny ödeýän ulag ýollary ak şäherimiziň keşbini düýpli özgertdi. Ine, şol ýüregiňe joşgun, kalbyňa mukam çaýýan, öňküden-de yhlasly zähmet çekmäge, ylmyňy, bilimiňi artdyrmaga höwes, ylham döredýän beýik işler paýtagtymyzyň Büzmeýin, Bagtyýarlyk etraplaryny, Parahat 7, Çoganly, Köşi, Gurtly we beýleki ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurşap aldy.

Altynaý ANNAMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.