«Geçmişini bilýän, geljegine-de ynamlydyr»

17 Mart 2021
837

Ýaňy-ýakynda şeýle at bilen maýor Şöhrat Orazdurdyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda şäheriň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda muzeýiň hünärmeni Myratgeldi Aşyrow hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny aýawly saklamak, dikeltmek, goramak, giňden wagyz etmek hem-de olaryň üstüni ýetirmek, täze öwüşginli, döwrebap medeni gymmatlyklary döretmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de türkmen halkynyň geçmişde özüniň ýaşan döwürlerinde maddy we ruhy mirasyny, milli däp-dessurlaryny nesilden-nesle geçirip bilen milletdigini, munuň şeýledigini, asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda şäheriň çäginde ýerleşýän birnäçe taryhy ýadygärlikler, depeler, mundan başga-da, gadymy suwaryş ulgamynda ulanylan kärizler we suw degirmenleri barada il arasynda giňden ýaýran gürrüňler, rowaýatlar barada-da aýdylyp geçildi.

Rejepdurdy NAZAROW,
maýor.