Elektrik energiýasyny toplamagyň meselesi

17 Mart 2021
951

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kuwwatly elektroenergetika pudagynyň giň gerimde ösdürilýän hem-de onuň halkara ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasatynyň amala aşyrylýan döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi öňe sürlüp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine öňdebaryjy tejribeleri hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýokary netijeli, howpsuz we ekologiýa taýdan arassa energetika pudagyny döretmek, energiýa çeşmeleriniň dürli görnüşlerini toplamak we tygşytlamak ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.

Energiýany toplamak diýlip, energiýanyň bir görnüşini gurluşa, enjama ýa-da desga — energiýany toplaýjy akkumulýatora girizmeklige, soňra bu energiýany sarp etmek üçin amatly ýagdaýda şol ýa-da özgerdilen görnüşinde ol ýerden yzyna almaklyga aýdylýar.Toguň himiki çeşmesine akkummulýatorlar diýilýär. Bu bolsa himiki reaksiýalaryň netijesinde içki energiýanyň elektrik energiýasyna öwrülýändigini aňladýar. Hut şonuň üçin hem reaksiýalaryň öwrülipbilijilik ukybyna baglylykda, akkumulýatorlary zarýadlandyrmak we zarýadsyzlandyrmak mümkindir. Çünki, akkumulýatorlar dürli pudaklarda giňden ulanmak we elektrik toguny toplamak üçin döredilendir. Iň ýönekeý gurluşly akkummulýator elektrolit erginine (kislotasyna) siňdirilen we dürli metallardan ýasalan iki elektrodly akkummulýatordyr. Elektrodlaryň birine katod, beýlekisine anod diýilýär.