Ýaz çagbasy

17 Mart 2021
1300

Töwerek ümsümlikdi. Asman gümmeziniň kä ýerinde çal bulutlar görünýärdi. Uzak demirgazyk tarapy gara bulutlar tutupdyr. Gün nurly şöhlesini bolluk bilen eçilýärdi. Agaçlaryň ýapraklary şemala ygşyldaşýardylar. Howluda ýatan çal pişik Günüň mylaýym şöhlesine meýmiräp, käte gözüni çalaja açýardy. Ak towuk öz sarymeňiz jüýjelerini yzyna tirkäp, olara çokar ýaly iým tapyp berýärdi. Beýleki gezim edip ýören towuklaryň arasyndaky horaz aram-aram ganatlaryny dözümli kakyp, eýemsiräp gygyrýardy. Üçekdäki gök kepderiler hatar tutuşyp, gymyldaman otyrdylar...

Tebigatyň bu gözel görnüşine howlymyzda tamdyrda ot goýberip, mazaly gyzan tamdyra nan ýapyp duran ejemiň hereketleri has-da sazlaşyk berýärdi. Ynha, hä diýmän, ejem mele-myssyk nanlary saçaga dolap, öýe getirer. Ýazyň şular ýaly arassa howasynda ýaňy bişen gyzgynjak nany hurşsuz iýseňem, başga nahar küýsedenok.