Milli hukuk binýady kämillik ýolunda

16 Mart 2021
856

Gadymy türkmen topragynda demokratik döwlet, raýat jemgyýeti gurulýar. Özi-de şu hili özgeriş halkymyzyň demokratik ýörelgeleri, dünýäniň ösen ýurtlarynyň syýasy tejribesi esasynda amal edilýär. Taryhyň uzak döwründe ýurtda wajyp meseleleri çözmekde giňden we netijeli ulanylan maslahatlardyr geňeşler esasynda degerli çözgütleri tapmak ýörelgesi bu ýerde ýetilen uly dereje bolýar. Ýurdumyzda geçirilýän Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň saýlawlary halkyň şu ýörelgesini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen sazlaşdyryp, jemgyýetiň demokratik ösüşini hil taýdan täze derejä çykarýar.

Geçen ýyl «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen, ýurduň wekilçilikli kanun çykaryjy ulgamyny kämilleşdirmegiň täze tapgyry başlandy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda başlanan işleriň wajypdygyny nygtap: «Men ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşinde bu täze tapgyry möhüm we oňyn ädim diýip hasap edýärin. Bu tapgyr döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, durnukly syýasy institutlary döretmäge gönükdirilendir» diýip belledi.

Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.