Köňül ýazynyň keşdeleri

16 Mart 2021
918

Ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Golaýda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen wagyz-nesihat dabarasy «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» diýlip atlandyryldy. Dabarany Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Agrar partiýasy bilelikde guradylar.

Nowruz diýlende, öňi bilen bahar paslynda özboluşly görke beslenýän tebigat gözelligi, asmanyň asudalygy, ýurt parahatçylygy göz öňüňe gelýär. Indi halkara derejede bellenilýän bu baýramçylyk halklary ysnyşdyrmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde hem uly ähmiýete eýedir. Halkymyzyň gadymyýetden belläp gelýän bu ajaýyp baýramçylygy milli däp-dessurlarymyzyň berkarar döwletimizde döwrebap öwüşginlerde mynasyp dowam etdirilýändiginiň özboluşly beýanydyr. Şol däp-dessurlarda bolsa halkymyzyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri şöhlelenýär. Bular barada baýramçylyk çäresinde çykyş edenler buýsançly belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şu toý ýylynyň şygarynyň hem Halkara Nowruz güni bilen özboluşly sazlaşýandygy göwünlerde üýtgeşik ýakym döredýär.

(Ýörite habarçymyz).