Aýdyň geljegiň we rowaç durmuşyň hatyrasyna

15 Mart 2021
864

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde söwda merkezlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak bilen bagly işleriň ýola goýluşy, ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, sement kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem innowasion taslamalaryň «Sanly çözgüt — 2021» atly nobatdaky bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, milli senenamamyzyň şanly senelerini baýram etmäge, şu ýylky möhüm halkara çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk, milli parlamentiň nobatdaky maslahatynda serediljek meseleler we ýurdumyzyň serhetýaka çäklerinde gulluk edýän harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şu ýylyň mart aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen ýyladyşhanalaryň gurluşygy boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada habar berildi.